
Şägirtleriň biri ussadynyň wagzyny diňlemäge barýarka, ýolda azaşyp, derýanyň köprüsini tapyp bilmändir. Ol derýanyň kenary bilen köp ýöräpdir. Ahyrynda-da derýanyň aňry ýüzünde ussadynyň wagyz berip durandygyny görüpdir-de, batly gygyryp:
– Ussadym! Derýaň aňry ýüzüne nädip geçmeli? – diýip sorapdyr. Ussady hem oňa derýanyň aňyrsyndan gygyryp jogap beripdir:
– Ýigit! Sen şeýle-de derýanyň aňry ýüzünde dursuň ahyry!