Eşek

Pirleriň biri talybyny ýanyna çagyryp:

– Tekgäniň eşegini äkit-de satyp gel! – diýipdir.

Talyp öz ýanyndan «Bu janawer tekgämiziň hyzmatyna ýarap ýör ahyry» diýip, eşege nebsi agyrypdyr. Şonuň üçin hem piriniň ýüzüne gelmäge mejbur bolupdyr:

– Tagsyr, tekgämize eşek gerek bolar ahyry!

Piriň jogaby nagt bolupdyr:

– Oglum! Bu eşegi satyň-da, başga eşek alyň!

Talyp pirine tabyn bolmakdan geçen, gaýtam:

– Biz muny näme üçin satýarys? – diýip sorapdyr, yzyndanam özüniň ýerliksiz soragyny tasa getirmek üçin hem şeýle diýipdir: – Biz ony gerek wagty münüp ýörüs. Nirä sürsek bizi alyp gidýär. Janawer näme ýük bassaňam, çydap gezip ýör. Boşadyp goýberen ýeriňden azaşman gelip tekgämizi hem tapýar.

Pir ahyrsoňy gepe düşmez talybyna eşegiň näme üçin satylýandygyny düşündirmeli bolupdyr:

Oglum! Bir hepde bäri üns berýän welin, biziň eşegimiz aňňyranok. Onda yşk, hyjuw galmadyk bolmaga çemeli. Onuň hyjuwsyzlygy, biperwaýlygy size-de ýokuşaýmasyn diýip gorkýaryn. Şonuň üçin bu eşegi satyp, ýerine başga eşek alaýyň!

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s