
Mertebeli adam üçin berlen zadyň gymmaty däl-de, şonuň berlişi ähmiýetlidir.
(Plutarh)
* * *
Atadan galan mertebe adamy zähmetden sowadýar.
(Frensis Bekon)
* * *
Adam garyplykda mertebesini saklap bilýär, gedaýçylykda welin beýle däl. Gedaýy bir ýerden kowjak bolanlarynda taýaklamaýarlar, sübseleýärler. Ony kemsitmek üçin, sübseläp syrýarlar. Şeýdýän kişileri ýazgarmaly hem däl. Sebäbi adam gedaý ýagdaýa düşende ilki bilen özüni özi kemsitmäge taýýar bolmaly.
(Dostoýewskiý)