
Bir gün sopylaryň biri şägirtlerinden:
– Eger altyn ýüzük satyn alsaňyz, onuň hakykydygyny ýa-da däldigini barlaman pul tölersiňizmi? – diýip sorapdyr.
Şägirtleri oňa:
– Elbetde, ýok – diýip jogap beripdirler. – Onuň altyn däl-de, mis bolmagy hem ahmal. Pulumyzy ýele sowrasymyz gelenok.
Şonda, sopy olara şeýle diýipdir:
– Menden sapak alanyňyzda hem edil şonuň ýaly ediň. Meniň aýdan her bir sözümi bada-bat hakykat diýip kabul etmäň. Aýdýanlarymyň dogrudygyny ýa-da däldigini özüňiz barlap, ölçäp görüň. Şeýdip hakykatdygyna doly göz ýetireniňizden soň amal ediň. Diňe maňa bolan hormatyňyz üçin olary kabul etmäň!