Öwgi

Bir gün şägirtleriniň biri piriniň ýanyna baryp:

– Eý, tagsyr! Sen dünýädäki pirleriň ählisinden beýiksiň – diýipdir. Pir özüne öwgüli sözler aýdylmagyny halamandyr. Ol şägirdine:

– Hany, sen ýigit, aýt bakaly, dünýäde ýaşap geçen beýik pirleriň ählisi bilen duşuşmak saňa miýesser etdimi? – diýip sorapdyr. Şägirt:

– Ýok, pirim! – diýip jogap beripdir. Onsoň, pir oňa ýene sorapdyr:

– Onda häzir ýaşap ýören ýa-da geljekde doguljak beýikler bilen hem seniň tanyşlygyň bar bolaýmasyn?

Şägirt:

– Elbetde, ýok! – diýip, jogap bereninden soň, pir oňa şeýle diýipdir: 

Beýle bolsa, seniň maňa «beýik pir» diýip aýdýanyň ýalan bolýar-da. Sebäbi seniň bu gepiň nä derejede dogrydygyny ýa-da nädogrydygyny derňäp görmäge mümkinçilik ýok. Şonuň üçin hem meni öwjek bolup biderek azara galma. Beren sapaklarymy peýdaly görseň-ä, amal et. Ana şol meniň üçin öwgüden has ýakymlydyr.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s