
Kişiniň diriligi özüniň islegi bilen bolmaýan bolsa, näme üçin kişi özüni diri hasaplaýar?
* * *
Özüni dana saýýan adamdan daş dur.
* * *
Syryňy duşman bilmesin diýseň, dostuňa aýtmagyn.
* * *
Her kişiniň bilimi bolsa, oňa laýyk akyly bolmasa, ol bilim şol kişä zyýan getirer.
* * *
Eger kişi durmuşdan sapak alyp, öz-özi paýhas goruny kemala getirmedik bolsa, oňa zat öwretjek bolmaň, çeken zähmetiňiz barybir biderek bolar.
* * *
Halkyň üçin çeken zähmetiň biderek gitmegini islemeýän bolsaň, halkyň seniň üçin çeken zähmetini biderek gidirmegin.
* * *
Eger kem ýar we kem dostly bolmak islemeseň, kineli bolmagyn.