Anuşirwan Adylyň pendi-nesihatlaryndan

Eger azap-külpetden azat bolmak isleseň, bitmejek işe gol urma.

* * *

Eger yzymdan gülmesinler diýseň, gol astyňdakylara rehimlilik bilen gara.

* * *

Eger puşman bolmakdan halas bolaýyn diýseň, göwnüň islegine görä iş etme.

* * *

Eger duýgurlardan bolaýyn diýseň, öz ýüzüňe halkyň gözünden seret.

* * *

Öz sözüňi özgeleriň amal etmegini isleseň, ilki bilen öz aýdanyňy özüň amal et.

* * *

Gaýratlylyk isleseň, wepaly bol.

* * *

Adamlaryň iň ýagşysy bolasyň gelýän bolsa, olardan hiç zadyňy aýama.

* * *

Eger masgara bolmak islemeseň, etmedik zadyňy etdim diýme.

* * *

Eger özüňe däli diýdirmejek bolsaň, tapdyrmaýan zady gözleme!

* * *

Ajy bolsa-da dogry sözlegin.

 

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s