Ýaş çatynjalara maslahatlar

Türkiýäniň bir şäheriniň nikalar zalynda ýaş çatynjalara nika gyýýan ZAGS işgäriniň öwüt-ündew äheňinde aýdan şu sözleri internet ulanyjylarynyň arasynda uly meşhurlyk gazanýar:

Durmuşyňyzy iliň durmuşy bilen deňemäň! Ertekilere aldanaýmaň. Sebäbi ertekiler çyn däldir. Ertekilerdäki durmuşyň arzuwynda ýaşasaňyz, ikiňiziň hem lapyňyz keç bolar. «Birkemsiz gözel bolmaz» diýlenini ýatdan çykarmaň. Hiç birimiz kemçiliksiz däldiris. Biri-biriňiziň öňki durmuşyny derňejek bolmaň. Ady aýdyp dur-a, «öňki durmuş» diýip, onsoň näme etjek ony derňejek bolup. Ýoldaşyňyzdan ýa-da ýanýoldaşyňyzdan siziň aňyňyzda at salýan pikirleri bilmegini garaşmaň. Muny hiç kimem başaranok. Göwneýän ýa-da göwnemeýän zadyňyz bar bolsa, birek-birege açyk aýdyň. Islendik meseläni maslahatlaşyp çözüp boljagyna ynanmalydyrys. Biri-biriňize erkin hereket edere pursat beriň! Şuny meger öňem eşiden bolsaňyz gerek: Kirpiler taýlarynyň ýanyna tikenleriniň uzynlygy näçeräk bolsa, şonçarak golaý barýarmyş. Şondan golaý barsa, taýyna tikeniniň batjagyny bilýärmiş. Sizem birek-biregi ynjytmazlyk üçin hökman biri-biriňize erkin hereket etmäge maý beriň. Aýal ýa erkek tapawudy ýok, ýaşymyz näçe bolsa bolubersin, ýeke ýaşan mahalymyz biz hökman daşymyza diwar galdyrýarys. Özümizi erbetliklerden, howp-hatardan goramak üçin şeýdýäris. Häzir bolsa, ine daşyna diwar aýlanan şol iki adam durmuşlaryny birleşdirýär. Men size diwarlaryňyzy ýykyň diýemok. Sizem birek-birekden beýle zady talap etmäň, haýyş! Ýöne şol diwarlardan ylalaşmak arkaly penjireler açyň. Tutuş bir ömri şol penjirelerden bilelikde synlaň. Belkem, şol penjireleriň birdir-ýarymynyň öňüne her hili güller oturdarsyňyz we bilelikde şol güllere ideg edersiňiz. Durmuş guranyňyzdan soň, biri-biriňize ätiýaçly çemeleşmäň. Biri-biriňiz bilen hasap-hesipli bolmaň. Kartalara seredip ýol ýöremäň. Sizden uly haýyşym bar, çyn ýürekden haýyş edýärin, biri-biriňiziň hojaýyny ýaly däl-de, ýoldaşy ýaly bolmaga çalşyň. Biri-biriňize «hemme zat gülala-güllük bolar» diýip söz bermäň. Hemme zat gülala-güllük bolsa ne ýagşy. Ýöne şonda-da beýle diýip söz bereniňizden, «Başymyza nähili kynçylyk gelse-de, men ýanyňda bolaryn» diýip aýdanyňyz has gymmatlydyr. Galyberse, meniň ýene bir gowy görýän sözüm bar: «Ses seslenme bilen jogap berilmese, ýiter gider, adamam şeýle». Biri-biriňiziň aýdýanyna gulak goýuň, näme diýilýändigine düşünjek boluň. Biri-biriňiziň sesine seslenme bilen jogap gaýtaryň, ýitip gitmäň, bolarmy?!

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s