Nadanlygyň soňy ýesirlik

 

Hristofor Kolumb deňiz syýahatlarynyň birinde gämilerini bejermek üçin Ýamaýka barmaly bolýar. Ýerli halk olara gämilerini bejermäge ýardam berýär, baryndan-ýogundan hödür-kerem edýär. Şeýle-de bolsa, gämileriň bejergi işleri wagty bilen gutarmaýar. Üstesine, Kolumbyň adamlary talaňçylyk edip ugraýar. Halk hem halys degnasyna degensoň, olaryň gämilerini bejermekden hem-de azyk kömegini bermekden el çekýär.

Ine onsoň alaçsyz ýagdaýda galan Kolumb bir gün deňiz syýahatçylarynyň, köplenç, ýanynda göterýän, ýyldyzlaryň hereketi esasynda düzülen senenama kitabynyň sahypalaryny agdaryşdyryp otyrka, ertesi gün Aý tutulmasynyň bolup geçjekdigi baradaky maglumatyň üstünden barýar. Şeýdibem, onuň kellesine ajaýyp pikir gelýär. Ol derrew ýerli halkyň serdarynyň ýanyna baryp, hudaý bilen habarlaşandygyny, kömek etmekden el çekendikleri üçin hudaýyň olara gazaplanýandygyny, özüniň gazabyny bolsa ertir Aýyň ýüzüni çym-gyzyl etmek arkaly görkezjekdigini aýdýar.

Ertesi gün Aý tutulýar. Aýyň ýüzi gan öýen ýaly çym-gyzyl bolýar.   

Bu waka bilen bagly Kolumbyň ogly gündeliginde şeýle belläp geçýär: «Adamlar yzanda-çuwan bolşup geldiler. Her hili iri-iýmişdir gök önümlerini getirip öňümize dökdüler. Hudaýdan öz günäleriniň geçmegini soramagy üçin admirala ýalbardylar».

Gum sagadyna seredip, ýene kyrk sekiz minutdan soň Aý tutulmasynyň tamamlanjakdygyny bilip duran Kolumb ýerli halka ýüzlenip, hudaýyň olary bagyşlandygyny we sähel salymdan Aýyň ýene öňki ýagdaýyna geljekdigini aýdýar. 

Aý tutulmasy tamamlanýar. Ýerli halkyň geçisi daga ýaýraýar. Tebigatyň belli bir kanunlar esasynda işleýändigine bilýän Kolumb bolsa, gündeligine: «Nadanlygyň soňy ýesirlik» diýip belleýär.

 

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s