Horaz

Günlerde bir gün bir horaz özüniň gündelik endigini edip, säher bilen gygyrypdyr welin, onuň sesine eýesi biynjalyk bolupdyr. Eýesi horaza:

– Sen-ä walla, her gün gygyryp halys ýürege düşdüň. Eger ýene bir gezek şeýdip gygyraýsaň, diliňi ýeňsäňden çekerin! – diýipdir.

Bu sözler horazyň ýüregine ok bolup degipdir. Şeýle-de bolsa, heniz janyndan irmändigi üçin, ol gygyrmagyny bes edipdir. Öz ýanyndan: «Ýeke men gygyrmanym bilen hiç zat bolasy ýok, başga-da gygyrýan horaz kän ahyry» diýip pikir edipdir.

Belli bir wagtdan soň, eýesi ýene horazyň ýanyna gelip, oňa:

– Eger towuklar ýaly käkelemeseň, ýoguňa ýanaryn – diýipdir.

Horaz indi özüni hasam namasyna deglen hasap edipdir. Ýöne şonda-da eýesinden gorkusyna käkelemäge başlapdyr. Garaz, janyny halas edipdir.

Aradan biraz wagt geçenden soň, eýesi ýene gelip, oňa şeýle diýipdir:

–  Sen hiç zada ýaraňok. Eger towuklar ýaly ýumurtgalamasaň, damagyňy çalaryn!

Horaz näme etjegini bilmän, gözlerinden boýur-boýur ýaş döküp:

Wah, horazlar deýin gygyryp ölen bolsam bolmaýardymy?! – diýipdir.

Meselelere çemeleşilende gorky. Belli bir karara gelnende gorky. Dogry bir işi berjaý etmeli bolanda gorky. Gorky – ýan bermekdir. Mertlik – özüňi elden bermezlikdir. Mertlik – özüňi ýitirmezlikdir.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s