Soňky wagon

Ejesi bilen kakasy her ýyl tomsuna ogullaryny atalaryna gezmäge ugradanlarynda otluda bile gidip, ertesi gün hem şol otly bilen yzlaryna gaýdýarmyşlar. Oglanjyk ulalyp, ese-boýa gelenden soň, ejesi bilen kakasyna:

– Men indi ullakan oglan boldum. Bu ýyl atamlara bir özüm gidäýeýin? – diýip ýalbarypdyr.

Ejesi bilen kakasy birbada oňa näme diýjegini bilmändirler. Ýöne soňundan öz aralarynda bir pikire gelip: «Ýeri bolýar-da» diýipdirler. Oglanjygyň atalaryna gitmeli güni hem gelip ýetipdir. Ejesi bilen kakasy ellerini galgadyşyp, otlynyň penjiresinden ogullaryna sargyt baryny edýärmişler. Ogullarynyň bolsa, göwnübir ýaly diýýär. Ol gaýtam dişiniň arasyndan syzdyryp, gaharly hüňürdän bolýarmyş:

– Düşündim. Bolýar. Aýdyp ýadamadyňyzmaý. Arkaýyn bolaýyň, öz başymy özüm çararyn.

Şol ýerde entek otly ugramanka, kakasy oglunyň jübüsine kagyz bölejigini gysdyryp, şeýle diýipdir:

Oglum! Adamçylykdyr. Birdenkä, ýolda ýüregiň gyssa ýa-da bir zatdan gorksaň, şuňa seredäýersiň-dä.

Otly ugrapdyr. Oglanjyk hem küpäniň içinde nätanyş adamlar bilen ýeke galypdyr. Adamlar itenekde-çomanak bolşup, bir eýläk geçseler, bir beýläk geçýärmişler. Şol arada ýolbelet gelip, ondan petegini sorapdyr. Oglanjyk oňa petegini uzadyp, ýeke barýandygyny aýdypdyr. Muny eşidip, küpede oturanlar oňa nebsagyryjylyk bilen seredişipdirler. Hatda ýolagçylaryň arasynda «Bujagaz agzy sary oglanjygyň ýeke özüniň ýolda näme işi bar?» diýýän ýaly, göz ümleşip gepleşýänlerem barmyş. Şeýlelikde, oglanjygam özüni gaty oňaýsyz duýup başlapdyr. Daşyndaky adamlardan ýaňa howy basylypdyr. Onsoň, ol başyny aşak egip, bir gyrada çugutdyryp oturyberipdir. Birhaýukdan bolsa, gözüne ýaş aýlanyp, ýaňaklaryndan aşak syrylyp gaýdypdyr.

Ine şol pursatda hem kakasynyň jübüsine gysdyran kagyzy oglanjygyň ýadyna düşüpdir. Ol eli bilen sermäp, jübüsinden ýaňky kagyz bölejigini tapyp çykarypdyr. Kagyzda ýekeje sözlem ýazylgy eken:

– Oglum, biz soňky wagondadyrys.

Çagalara erkin hereket etmäge rugsat bermeli. Olar özlerine ynanylýandygyny duýmaly. Emma durmuşa doly taýyn bolýançalar, ene-atalar hem olara hökman «soňky wagonda» garaşmaly.

3 thoughts on “Soňky wagon

  1. Örän gowy! Haladym, şular ýaly gowy, manyly kyssalary ýetirip duruň! 🙂

  2. Minnetdar! Okyjylardan seslenme almak şeyle bir yakymly duygy. Nesip bolsa, aydysynyz yaly, gowy, manyly hekayalary yetırıp durarys.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s