Her işde haýyr bar

Gazaply gyş günleriniň biridi. Kiçiräk bir obadan balykçy gämisi deňze tarap ugrady. Şol barmana deňizde harasat turup, güýçli tolkunlar döredi. Bir salymdan garaňky düşdi. Balykçylar bolsa, yzlaryna dolanyp gelmedi. Eneler, çagalar we aýallar gijesi bilen balykçylaryň sag-aman dolanyp gelmegi üçin dileg etdiler. Olar kenarda gözýetime garap köp garaşdylar. Üstesine, şol gije bir külbede ýangyn döredi. Erkek göbeklileriň bary deňizde bolansoň, aýallara ody söndürmek başartmady. Ertir irden bolsa, balykçylar sag-aman gaýdyp geldiler. Hemmeler begendi. Emma bir aýalyň welin, ýüzi salykdy. Sebäbi olaryň ýaşap oturanja külbesi ýanyp kül bolupdy. Ol deňizden gelen adamsyna:

– Indi biz näme ederis!? Öýümizem ot aldy, bar zadymyz ýandy – diýdi.  Adamsy aýalyna şeýle jogap berdi:

– Men-ä kepbämiziň ýananyna şükür edýärin! Entegem oduň ýagtysyny göräýdik, ýogsa biz apy-tupanyň içinde kenaryň haýsy tarapdadygyny hem biljek däldik.

Terjime eden: «MisSy»

5 thoughts on “Her işde haýyr bar

  1. Ata-babalarymyzyň aýtmadyk zady galmandyr. Dogrudanam, “Her işde bir haýyr bar” diýleni bolupdyr. Gysgajykdan manyly, düşnükli terjime bolupdyr.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s