Salawmaleýkim, hormatly okyjylar!

Käte uly hem möhüm bir işe başlajak bolanymyzda «Köpläp alaýmasak eýgertjek däl» diýşimiz ýaly, biz hem halkymyza, geljekki nesillerimize bähbitli bolmagyny arzuwlap dowam edýän neşir işimizi hasam ýaýbaňlandyrmak hem-de ösdürmek babatda ildeşlerimizden uly kömege garaşýarys.

Öňem alymlaryň biri: «Agyr hem gymmatly hazynany götermeli bolanda näçe adam kömege gelse-de azdyr» diýipdir. Şonuň üçin siz hem eger öz ýanyňyzdan: «Köpçülige ýetirilse gowy bolar» diýip, juda täsirli hem manyly hasaplap ýören hekaýadyr tymsallaryňyz bar bolsa, bize ýetirmegiňizi haýyş edýäris. «Ýagşylyk et-de, derýa okla, halk bilmese-de, ha:lyk biler» diýilýär. Edil şonuň ýaly siziň hem terjime eden, ýa-da döreden hekaýalaryňyzyň internet «derýasyna» düşenden soň, olaryň nirelere baryp ýetjegini, kimleriň ýüreginde nähili duýgulary oýarjagyny ýeke Alla bilýär. Hut şu maksat bilen biz hem täze rubrikany açmagy makul bildik.

 «Okyjylardan gelen hekaýalar» atly rubrikamyz sizden geljek hekaýalara sabyrsyzlyk bilen garaşýar!

3 thoughts on “Salawmaleýkim, hormatly okyjylar!

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s