Söýgi

Bir-birini biçak gowy görýän bir är-aýal bar eken. Günlerde bir gün aýal erbet bir kesele uçrapdyr. Kesel aýalyň ýüz-gözüni edil mama dişän ýaly edip, ony görkden gaçyrypdyr. Bir gün bolsa, ýaňky aýalyň adamsy işden gelýärkä ulag heläkçiligine uçrap, kör bolupdyr. Muňa garamazdan olar ýene-de bir-birini gowy görüp ýaşapdyrlar.

Wagtyň geçmegi bilen aýal keselden gutulyp bilmän, hasam beter bedroýlaşypdyr. Adamsy bolsa, ony edil öňküsi ýaly söýmegini dowam etdiripdir. Ine, onsoň ahyry bir gün aýaly aradan çykypdyr. Adamsy muňa erbet gynanypdyr. Ol aýalyny jaýlap, ýas sadakasyny sowandan soň, şäheri terk etjek bolup durka egindeşleriniň biri ýanyna gelip:

– Halypa, seniň gözüňem-ä görenok. Öň näme-de bolsa, ýanyňda aýalyň bardy, indi olam-a ýok – diýipdir.  Şonda ýaňky adam şeýle jogap beripdir:

– Men kör däl.  Ýöne aýalymy «Kör boldum» diýip aldamaly boldum. Sebäbi endam-jany gan-gabarçyk bolup, meniň gözüme görünmek oňa hasam agyr degjekdi. Men ony diňe owadan bolany üçin söýmändim ahyry. Men onuň mähir-muhabbetden doly ýüregine aşyk bolupdym.

Iki adam bir-birini söýende, olar hergiz aýra düşmejek bolar. Şonuň üçin hem birek-biregiň kemçiligini görmejek bolar. Görse-de, görmezlige salar. Söýýän adamyňy bagtly etmek üçin, käte kör ýaly bolmagy hem başarmak gerek.

One thought on “Söýgi

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s