Jüýjeli palaw

Bir adam aýalynyň öňküsi ýaly gowy eşitmeýändiginiň sebäbi nämedenkä diýen pikir bilen lukmana jaň edýärmiş. Ol lukmandan «Eşidiş apparaty alaýsak nähili bolarka?» diýip sorajakmyş. Üstesine, ol bu ýagdaýy aýalyna nädip düşündirjegini hem bilenokmyş. Onsoň, lukman oňa maslahat beripdir:

– Sen bilýäňmi, näme et. Aýalyňdan kyrk metr daşrakda durup, adaty gürleýän tonuňda bir zatlar aýt. Eger eşitmese, aýalyňa tarap on metr süýş-de, ýene bir zatlar aýdyp gör. Eger ýene eşitmese, tä aýdýanyňy eşidýänçä on metrden golaýyna süýşüp baryber.

Agşamara aýaly aşhanada nahar bişirip durka, ýaňky adam lukmanyň maslahatyna eýerip, kyrk metrden aradaşlykdan:

– Ejesi, bu gün näme nahar bişirýäň? – diýip sorapdyr.

Aýalyndan ses-seda çykmansoň, ol otuz metr aralyga baryp:

– Ejesi, bu gün näme nahar bişirýäň? – diýipdir.

Ýene jogap bolmansoň, ol ýigrimi metr aralyga baryp:

– Ejesi, bu gün näme nahar bişirýäň? – diýipdir.

Aýaly ýene öňküsi ýaly barmysyňam diýmän, biş-düş bilen güýmenip ýörmüş. Halys bolmajagyny bilensoň, ol aýalynyň alkymyna baryp, şol bir soragy ýene gaýtalapdyr.

– Ejesi, bu gün näme nahar bişirýäň?

Şonda aýaly:

– Kakasy, eýýäm bäşinji gezek aýdýaryn-da saňa. Jüýjeli palaw bişirýärin. Jüýjeli palaw.

Eýsem, hemme zadyň sebäpkäri başga biri bolman hem biler ahyry. Käte käbir zatlaryň sebäbini özümizden gözlemegi hem unutmaly däldiris.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s