Pent

Bir gün Lukman Hekim ogluny ýanyna çagyryp, oňa durmuşda şu üç zady berk berjaý etmegi tabşyrypdyr:

  1. Iýýän naharyň iň gowy nahar bolsun!
  2. Ýatýan düşegiň iň rahat düşek bolsun!
  3. Ýaşaýan jaýyň iň kaşaň jaý bolsun!

Ogul atasynyň sargydyny eşidip, allaniçigsi bolupdyr:

Şonda Lukman Hekim ogluna şeýle jogap beripdir:

– Kaka! Biz günümizi zordan aýlaýarys ahyry. Seniň bu aýdýanlaryňy men ýerine ýetirip bilmesem gerek.

– Diňe ajyganyňda nahar iýseň, iň gowy nahary iýdigiň bolar.

– Günuzyn işläp, agşam öýe geleniňde başyňy ýassyga goýsaň, iň rahat düşekde ýatdygyň bolar.

– Adamlar bilen mähirli gatnaşyk saklasaň, olaryň ýüreginde orun taparsyň. Şeýdibem, iň kaşaň jaýda ýaşadygyň bolar.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s