
Günlerde bir gün ýumurtga basyryp oturan towugyň aşagyna nähilidir bir sebäp bilen bürgüdiň ýumurtgasy düşüpdir. Şeýlelik bilen birnäçe hepdeden soň ýaňky ýumurtgadan bürgüt jüýjesi çykypdyr. Bürgüt jüýjesi hem bolsa, ol towuklar bilen deň ösdürilip ýetişdirilipdir. Şonuň üçin hem ol towuklaryň ählisini özüne hossar hasaplapdyr. Emma soňabaka bürgüt bu ýerde özüne nämedir bir zatlar ýetmeýän ýaly duýup başlapdyr.
Günlerde bir gün ýaňky bürgüt başyny galdyryp, asmana seredipdir welin, bürgütler maşgalasynyň howada ganat ýaýyp uçup ýörşüni görüpdir.
Bürgüt:
– Eý-how, bulary! – diýip, gygyranyny duýman galypdyr. – Menem şolar ýaly ganat ýaýyp uçup bilsedim.
Daşyndaky towuklar muny eşidip, onuň üstünden gülüpdirler:
– Sen guşlar ýaly asmanda uçup bilmersiň. Sen towuk ahyry. Towuklar uçanok.
Bürgüt şonda-da asmandan gözüni aýyrman, özüniň hakyky maşgalasyny synlamagyny dowam etdiripdir. Ol her gün hyýalynda guş bolup uçupdyr, asmanda erkana ýaýnap ýörşüni zol-zol göz öňüne getiripdir. Käte saklanyp bilmän, arzuw-hyýallaryny towuk dostlaryna-da gürrüň beripdir. Olar hem her gezek oňa özüniň bürgüt däl-de, towukdygyny ýatladyp, bolsady ekmegi bes etmelidigini aýdypdyrlar. Emma ol şonda-da arzuw etmän durup bilmändir.
Ahyry bir gün bürgüdiň ýeke özi dagyň gerşine çykyp, aşakda maýdajyk nokatlar ýaly bolup görünýän towuk dostlaryny synlamaga durupdyr. Ine onsoň şol ýerde şemal öwsüp, ýeleklerini galgadan mahaly bürgüt özüni şeýle ýeňil duýupdyr. Ol: «Men uçaryn. Uçup bilerin» diýip çasly gygyrypdyr. Soňra birdenkä asmanda gaýyp ýören bürgütlere gözi düşüpdir. Ine, şol pursatda ol ýüregini bire baglap, özüni dagyň gerşinden aşak oklapdyr. Ganatlaryna zor salyp, uçmaga çalşypdyr. Uçuş synanyşyklary birki sapar şowsuz tamamlanan hem bolsa, ol ahyry ganatlaryna erk etmegi öwrenipdir. Onsoň, eglenmän dik ýokaryk galyp, beýleki bürgütleriň arasynda goşulyp gidiberipdir.
Diňe öňe gitmäge töwekgellik edýänler özleriniň näçeräk öňe gidip bilendigini görüp biler.