Suratkeş

Ady belli bir suratkeşiň eserleriniň sergisi guralypdyr. Suratkeşiň özi hem buýsanç bilen şol sergide aýlanyp ýörkä, suratlaryň birine üns berip seredip duran bir gyzjagaz onuň ünsüni çekipdir. Gyzjagaz surata seredip duran ýerinden zol-zol gapjygyndan pullaryny çykaryp sanaýarmyş.

Suratkeş pişik basyşyny edip, gyzjagazyň golaýyna barypdyr-da oňa:

– Bu suraty haladyňmy? – diýip sorapdyr. Gyzjagaz oňa çyny bilen:

– Hawa – diýip jogap beripdir, soňra bolsa sözüniň üstüni ýetirip: – Satlykmyka? Ejeme satyn alyp beraýjekdim – diýipdir.

Gyzjagaz örän gymmatly eseriň bahasyny sorap duranyndan habarsyz eken. Surakeş loh-loh gülüpdir-de:

– Näçe manadyň bar? – diýip sorapdyr.

Gyzjagaz gapjygyndaky pullarynyň baryny çykaryp sanapdyr:

– Kyrk bäş manat elli teňňäm bar.

Onsoň, suratkeş suratyň bahasynyň ýazylgy duran ýerine seredip:

– Sen nesibeli gyzjagaz ekeniň. Bu suratyň bahasy hem ylaýyk kyrk bäş manat elli teňňe-dä. Me, muny al-da gidiber – diýipdir-de, suraty asylgy duran ýerinden aýryp, gyzjagaza uzadypdyr.

O barmana-da aňyrdan dergazap bolup, sergi zalynyň müdiri ylgap gelipdir:

– Siziň edýäniňiz näme? Siz şol suratyň näçä durýanyny bilýäňizmi?

Şonda suratkeş göwnühoşluk bilen ýylgyryp, oňa şeýle diýipdir:

– Dogry, meniň suratym üçin weşeň-weşeň pul dökjekleriň tapylmagy-da ahmal. Ýöne men şu gyzjagaz ýaly bütin baýlygyny berip bilen adama entekler duşamok.

Her kimiň gymmatlyk diýip düşünýän zadynyň deň bolmaýandygyny hergiz unutmaň!   

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s