
Gadym zamanlarda bir ýaş ýigit bagtyň syrynyň nämededigini bilmek isläpdir. Ol özüniň bu sowalyna jogap agtaryp köp ýurtlary gezipdir. Ahyry oňa «Sen pylan ýurtda ýaşaýan bir danany tapmaly, şol seniň müşgiliňi asan eder» diýipdirler. Şunlukda ol ýola düşüpdir. Idäp-sorap, şol danany tapypdyr. Dana owadan köşkde ýaşaýar eken. Ol ýaş ýigidi myhman alyp, köşgünde oňa hezzet-hormat edipdir. Onsoň, ýigit maýyny tapyp, özüniň bilmek isleýän zadyny sorapdyr:
– Maňa bagtyň syrynyň nämededigini aýdyp biljekmi, goja?
Dana oňa «Bolýar» diýipdir-de, bir çemçe zeýtun ýagyny uzadypdyr:
– Sen şu çemçedäki ýagy dökmän, meniň köşgümiň hemme ýerini başdan-aýak aýlanyp çyk. Onsoň, men saňa bagtyň syrynyň nämededigini aýdaýyn!
Ýigit köşgüň bir çetinden başlap, onuň hemme ýerlerini aýlanmaga başlapdyr. Ol şol bir wagtyň özünde elindäki ýagy hem dökmejek bolýarmyş. Şonuň üçin gözüni çemçeden aýranokmyş.
Ahyrsoňy ýigit köşki birlaý aýlanyp çykypdyr-da, dananyň ýanyna barypdyr. Dana ondan:
– Eýwandaky halylary gördüňmi, nähili eken? Kitaphanada owadan kürsi durdy, üns berdiňmi? Howluda ösüp oturan gülleri gördüňmi? – diýip sorapdyr.
Ýigidiň ýüzi boz-ýaz bolupdyr. Ol çemçedäki ýagy dökmejek bolup, köşküň içindäki zatlary üns bilen synlap bilmändir.
Onsoň, dana oňa gaýtadan köşki birlaý aýlanyp çykmagy buýrupdyr. Ýigit indi özünden näme soraljagyny bilensoň, bir eli çemçeli köşküň içini aýlanyp, hiç bir zady gözden sypdyrmazlyga çalşypdyr. Soňra dananyň ýanyna baryp, gören zatlarynyň ählisini jikme-jik gürrüň beripdir.
Emma bu gezek dana oňa içiňi ýakaýyn diýen ýaly:
– Çemçäňde ýag galmandyr-la, saňa başdan şony dökäýmegin diýip tabşyrmadymmy? – diýipdir.
Ýigit daş-töweregindäki zatlary synlap ýörşüne, elindäki çemçede ýagyň barlygyny hem ýatdan çykarypdyr. Çemçedäki ýagyň bary dökülipdir.
Ine, şonda dana ýigide şeýle diýipdir:
– Bagtyň syry dünýädäki täsinlikleriň ählisini synlap, şol bir wagtyň özünde-de çemçedäki ýagyňy dökmezlikdedir.
Akyl ýetirmek üçin görmek ýeterlik däl. Paýhasyň hem-de düşünjäniň göýdükligi adamyň daş-töweregindäki zatlary seljerişini ep-esli haýalladýar.