
Uly ýygnaklaryň birinde ABŞ-yň öňki goranmak ministriniň orunbasaryna söz berilýär. Ol penoplast stakana guýlan kofesini eline alyp kürsä çykýar. Birki agyz söz aýdanyndan soň säginip, kofesinden owurtlaýar. Soňra bolsa, elindäki stakana seredip ýylgyrýar-da, sözüni şeýle dowam edýär:
– Bilýäňizmi näme? Men şu ýygnaga geçen ýyl hem gatnaşypdym. Edil şu wagtky ýaly, geçen ýyl hem kürsä çykyp söz sözläpdim. Ýöne bir üýtgeşik ýeri, geçen ýyl men goranmak ministriniň orunbasyrydym. Geçen ýyl men şu ýygnaga gatnaşmak üçin uçaryň biznes klasynda oturyp gelipdim. Aeroportda öňümden çykyp, meni myhmanhana alyp gidipdiler. Myhmanhanada boljak otagyma çenli hemme zat öňünden taýýar edilipdir. Derrew öňüme düşüp, maňa otagymy görkezdiler. Ertesi gün irden eýýäm myhmanhananyň öňünde meni ýygnaga alyp gitmek üçin ýörite ulag taýýar durdy. Galyberse, meni şu ýygnak zalyna arka tarapdaky gapydan alyp gelipdiler. Kofe hödür edenlerinde bolsa, owadan jäç çaşka guýup beripdiler.
Emma bu ýyl bolsa, men eýýäm siziň öňüňizde ministriň orunbasary bolup çykyş edemok. Men bu ýere ekonom klasda uçup geldim. Aeroportda-da hiç kim öňümden çykmady. Taksi tutup, özüm myhmanhana bardym. Adymy bellik etdirip, öz otagyma özüm çykdym. Irden bolsa, şu ýere gelmek üçin ýene özüm taksi tutdum. Köpçüligiň girýän gapysyndan girip, zalda oturdym. Işgärleriň birine «Kofe içip bolmazmyka?» diýip sorasam, barmagyny uzadyp stoluň üstünde duran kofeapparaty görkezdi. Onsoň, meniň özüm baryp, ine şu penoplast stakana kofe guýup aldym – diýip, ol ýene bir gezek elindäki stakany adamlara görkezýär:
– Şu wagt kelläme nähili pikir geldi diýseňiz-läň – diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär:
– Geçen ýyl maňa kofe guýlup berlen jäç çaşka bar-a, şol aslynda meniň özüm üçin berilmändir eken. Ol diňe meniň wezipäm üçin berlipdir. Diýmek, wezipämi bir gyra aýranymda men penoplast stakanda kofe hödür ediljek adam ekenim. Ynha, şu aýdylanlardan siziň esasy sapak edinmeli zadyňyz şy: Adamlar adatça size adam bolanyňyz üçin däl-de, eýe bolan wezipäňiz üçin hormat goýýarlar. Eger bir gün wezipäňizden boşadylaýsaňyz, jäç çaşkany eliňizden alyp, ýeriňize geçen adama berýärler. Diýmek, olar sizi owalbaşdan penoplast stakanda kofe hödür edilmäge mynasyp adam hasap edýän ekenler.
(Saýmon Sinekiň «Liderler iň soňunda iýýär» atly eserinden gysgaldylyp terjime edildi)