Derwüş

Bir gün derwüşden:

– Sen nädip beýle giň göwrümli bolup bilýärsiň? – diýip sorapdyrlar. Derwüş bu sowala şeýle jogap beripdir:

– Okan ylymlarymyň hem-de durmuşda gazanan tejribämiň netijesinde bäş ýörelgä eýerip ýaşamagy özüme kada edindim:

1. Rysgymy hiç kimiň elimden alyp bilmejegine göz ýetirdim. Şeýdibem, arkaýynlaşdym.

2. Haktagalanyň meni gözden salmaýandygyna düşündim. Şonuň üçin hem utanç-haýany elden bermedim.

3. Meniň öz etmeli işimi hiç kimiň meniň ýerime edip bermejegine düşündim. Şonuň üçin hem gara zähmetden gaçmadym.

4. Iru-giç bir gün sanalgymyň doljagyna düşündim. Şoňa görä-de mydama ölüme taýynlyk gördüm.

5. Ýagşylyk bilen ýamanlyk diýilýän zadyň ikisiniň hem dünýede galýandygyna düşündim.  Şonuň üçin ýagşy işlerimiň sanyny artdyrdym. Ýaman häsiýetlerimden el çekmäge çalyşdym.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s