Gurbaga

Günlerde bir gün gurbagalaryň arasynda depä çykmak boýunça bäsleşik geçirilipdir. Şeýlelikde, gurbagalar towsaklaşyp, pellehana tarap hereket edip ugrapdyrlar. Bäsleşigi tomaşa etmäge gelen beýleki haýwanlar bolsa, gurbagalaryň hiç haýsysy depä çykyp bilmez diýip pikir edýärmişler. Şonuň üçin olar gyrada duran ýerlerinden gykylyklaşyp: «Pellehana ýetip bilmersiňiz. Biderek kösenmäň!» diýip gygyrýarmyşlar. Tomaşaçylaryň ruhdan düşüriji sözlerini eşidýän gurbagalar bolsa, bir-birden ejizläp, bäsleşmegi bes edýärmişler. Emma gurbagalaryň biri welin, gözi ýok ýaly öňe garşy omzap barýarmyş. Tomaşaçylar hem ýadaman şol öňki heňlerine bat berýärmişler. Şeýdip, ahyrsoňy diňe ýaňky ýanbermezek gurbaga pellehana ýetipdir. Onsoň, haýwanlar ýeňijä käbir soraglar bermek üçin onuň daşyna üýşüpdirler. Şonda olar ýeňijiniň kerdigini bilip galypdyrlar.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s