Ýalan

Bir adam çölüň içi bilen düýeli gidip barýarka, ençeme günläp suwsuz galan birine gabat gelýär. Suwsuzlykdan ýaňa gany gatara gelen ýaňky adam düýelä zordan salam berýär-de:

– Hudaýyň haky üçin maňa bir owurt suw bersene! – diýýär. Düýeliniň oňa nebsi agyrýar. Ol suwly meşigini alyp ýere düşýär-de, nätanyşy suwdan gandyrýar. Emma adam diýilýän mahlugy bir göreniňde tanap bolýarmy näme?! Ýaňky suw soran adam ogry bolup çykýar. Ogry ýerinden turaga-da, düýäniň eýesini bir ýumrukda ýere ýykýar. Soňra suwly meşigi eline alyp, düýäniň üstüne böküp münýär. Düýäni haýdadyp ugrajak bolanda, düýäniň eýesi arkadan:

– Haý, gadyrdan duraweri – diýip gygyrýar. – Meniň senden ýekeje haýyşym bar. Şol haýyşy diňle-de, onsoň nirä gitseň gidiber. Düýe-de seňki bolsun, meşigem. Birsalym aýak çek, meniň haýyşymy diňle.

Ogry muny eşidip, hahahaýlap gülýär:

– Hany onda aýt aýtjak zadyňy. Düýe indi barybir meniňki bolar. Senem şu ýerde galybermeli bolarsyň-da.

Düýäniň eýesi şonda oňa şeýle diýýär:

– Senden ýekeje zady haýyş etjek. Bu bolan wakany hiç ýerde gürrüň bermegin! Şu haýyşymy bitirseň, men senden iki dünýe razydyryn. 

Ogry geň galyp soraýar:

– Näme üçin gürrüň bermäýin? Gürrüň berenimde näme bolar öýdýäň?

– Eger muny başga ýerde gürrüň berseň, dagy-duwara çölde suwsuz galanlara suw bermezler. Suw dileýäniň gepine asla ynanmazlar.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s