Şu günden başla!

Şu günden başlap, düýnüň pikiri bilen ýaşamakdan el çek. Düýn geçmişde galdy we sen ony asla üýtgedip bilmersiň. Sen diňe özüňi üýtgedip bilersiň, ony hem eger isleýän bolsaň.

Ertiriňi alada edip ýaşama! Sebäbi ertir entek gelenok. Ertiriň senden garaşýan ýekeje zady bar, olam – eliňden gelýänini aňryýany bilen orta goýmaklyk. Ýagny şu gün eliňden gelýänini gaýgyrmazlyk.

Durmuşyň her bir pursatynyň nähili gymmatlydygyny, bu dünýäde gazanan zatlaryňy özgeler bilen paýlaşmagyň nähili bagtdygyny duýup ýaşa!

Käte torç edilen köne ýodalardan daşlaşyp, täze açyşlaryň üstünden barmagyň lezzetinden gan!

Seni ýoluňdan alyp galmaga çalyşýanlara tutanýerlilik bilen gaýtawul ber. Öňüňden çykýan päsgelçiliklere aldanyp, ýoluňdan galma!

Kalbyňy giň tut! Başyňa gelenleri kaýyllyk bilen kabul et. Özüňden hem-de özgelerden aňrybaş ajaýyplyga garaşma! Bu dünýäniň ýasalşy şeýle, bärde aňrybaş ajaýyplyk diýen zat ýok. Bir zady boýun almagyň gerek, bu dünýede bagtly bolup bilmeseň, günäkär ýene özüňsiň. Şonuň üçin hem saňa bagtlylyk duýgusyny eçiljek zatlar bilen gümra bol!

Gijä galaýma, şu günden başla!

 

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s