
Dünýäde bar bolan düşünjedir hakykatlara hökman at berlipdir. Adam ogly asyl manysyny doly kesgitläp bilmese-de, hamana unudylmagyndan howatyr edýän ýaly, olara başdan-aýak at goýup çykypdyr. Şonuň üçin hakykatlary aňladýan atlar aslynda hakykatlaryň doly manydaky düşündirişi bolman, diňe olaryň barlygyny alamatlandyrýan sözlerdir. Sözler elmydama-da, hakykatlaryň doly manydaky düşündirişi bolmakdan ejizdirler. Takyk mysal getirmeli bolsa, adamlaryň arasynda «adalat» diýlen düşünjäniň barlygy jedelsiz. Emma onuň manysyny düşündirmek üçin welin, näme aýtsaň hem bärden gaýdýar. Garaz, hakykatlaryň many aýtymyny kesgitlemäge synanyşanymyzda biziň ýöntemligimiz doly suratda ýüze çykýar. Ine onsoň, şeýle pursatlarda biz käbir hakykatlary obrazlaryň, meňzetmeleriň üsti bilen düşündirmäge ýa-da düşünmäge ýykgyn edýäris. Belki, bolmalysy hem şeýledir. Käbir düýpli pikirlere, beýik hakykatlara diňe meňzetmeleriň üsti bilen aralaşmak bolýandyr. Möwlananyň «Meňzetmeler hakykatlaryň köprüsidir» diýýänligi hem meger şonuň üçin bolsa gerek.
Ine, tymsallardyr hekaýatlaryň şular ýaly uly ähmiýeti bar. Okyjy edebi žanryň bu görnüşi bilen ýüzbe-ýüz bolanda aýdyljak bolunýan pikiri derrew garbap alýar. Emma edil şol bir pikir hekaýatlaryň üsti bilen däl-de, gönüden-göni beýan edilen mahaly okyjynyň beýnisi käte tykyrap durmaga mejbur bolýar. Sebäbi hemmäniň abstrakt, howaýy zatlary kabul edişi birmeňzeş bolmaýar. Şeýle-de bolsa, hemme adamyň konkret zatlary kabul edişi birmeňzeş bolýar. Mysal üçin, şol bir närsäni hemme adam hem, eger gözünde näsazlyk ýok bolsa, deň görýär. Şoňa görä-de, hekaýatlar konkretlik häsiýeti boýunça adamyň aň taýdan kabul edişine has ýakyn serişdeler hasaplanýar. Bu ýerde konkretlik diýlende hakykatdan hem şeýle bir wakanyň ýa-da keşbiň durmuşda bolup geçenligi däl-de, her kimiň şol bir sýuzet ýordumyndan birmeňzeş many çykaryp bilýänligi hakda gürrüň gidýänligi düşnükli bolsa gerek.
Gozgalýan mesele çetin boldugy saýyn, salgynmaly meňzetmeler hem şonça aýdyň bolmaly. Şonuň üçin biz hem bu ýerde gep nokatlap oturanymyzdan, meňzetmä salgylanmak bilen meseläni çürt-kesik edenimizi gowy görýäris. Garaz, dürbiniň kömegi bilen uzakdaky zatlary nähili aňsatlyk bilen görüp bolýan bolsa, tymsallardyr hekaýatlaryň üsti bilen hem beýikden-beýik hakykatlara emgenmän göz ýetirmek bolýar.
Gepiň gysgasy, emgegi az bolmadyk hakykat ýolunyň ýolagçylaryna «gol sunmak» maksady bilen internet ulgamynda «Kyssahanyň» neşir edilip başlanmagy guwandyryjy hadysa bolup durýar. Ata-babalarymyz «Çuňluga daraşan – saýa batmaz» diýýär. Edil şonuň ýaly biz hem «Kyssahandaky» hekaýalaryň okyjylary «çuňluga» daraşmaga ruhlandyrjakdygyna ynanýarys. Bu hekaýatlardan bize – ýalmawuz zamananyň perzentlerine ullakan ruhy haraý ýeter diýen tamamyz bar. Goý, «Kyssahanyň» bagyndan ýygnalan hikmet gülleri bilen durmuşymyzy bezemeklik biziň her birimize nesip etsin!