Sowallar

Bir gün adamlar pylan ýerde ylym-bilimden ýüki ýetik, parasatly bir alym barmyş diýip eşidipdirler-de, sowal baryny taýýarlap, onuň ýanyna barypdyrlar. Adamlar ýekän-ýekän sorag bermäge, alym hem olara jogabyny ýetirmäge başlapdyr:

– Dünýede iň akylly adam kim?

– Elmydama ilden öwrenere zat tapýan adam.

– Dünýede iň güýçli adam kim?

– Gaharyny ýuwutmagy başarýan adam.

– Dünýede iň baý adam kim?

– Elindäki hazynanyň, ýagny özüne berlen ömrüň hem-de wagtyň gadyryny bilýän adam.

–Dünýede sylag-hormata iň mynasyp adam kim?

– Özüne hem-de daşyndaky adamlara hormat goýýan adam.

Şol barmana oturanlaryň biri saklanyp bilmän:

– Wah, tagsyr, siziň bu aýdýanlaryňyzyň bary bilinýän zatlar ahyry! –  diýipdir. Şonda alym oňa şeýle jogap beripdir:

– Ine, bular hemme kişä mälim zatlar bolandygy üçin hem, adamlar şolary şeýle çalt ýatdan çykarýarlar.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s