Býurokrat

Bir býurokrat iş sapary bilen bir oba barýarka ýolda batgalyga ýykylypdyr-da, janhowluna gygyrmaga başlapdyr:

– Kömek ediň, adamlar! Halas ediň! Ýetişiň!

Şol mahal hem batgalygyň deňinden bir daýhan geçip barýar eken. Ol batgalyga ýykylan adamyň býurokratdygyny daş keşbinden aňypdyr-da, ýanyna baryp sesini çykarman durupdyr. Daýhanyň elini gowşuryp duranyny gören býurokrat gözüniň agyny köpeldip:

– Garagyň gapykmy? Nämä sömelip dursuň? Kömek ed-ä! – diýip gygyrypdyr.

Daýhan bolsa diňe:

– Wah, neresse! – diýip oňaýypdyr. Ony halas etjek hem bolmandyr. Gaýtam yzyna öwrülip gitjek bolupdyr. Muny görüp, býurokrat hasam howsala düşüpdir. Ol sesini endiredip:

– Maňa haýpyň gelsin! Kömek et! Agajyň şahasyny uzadaý, kyn görme! – diýipdir.

Onsoň, birdenkä, daýhan ör-gökden gelipdir:

– Ýok, asla bolmaz! Bu ýer döwletiňki. Döwlete degişli ýeriň hiç zadyna degip bolmaz. Men kanuny bozup biljek däl!

Býurokrat agzyna giren laýy tüfläp duran ýerinden ýene gygyrypdyr:

– Sen diýýäniň näme? Gara laýa duwlanyp barýanymy göreňokmy? Ölmegimi isleýäňmi ýa meniň?

Daýhan bolsa, ýene şol bir biperwaýlygy bilen gürlemäge dowam edipdir:

– Men döwlete degişli ýeriň zadyna degip bilmerin diýip aýtdyma saňa. Maňa «kanuna garşy git» diýýäňmi? Ýok, bolmaz. Iň gowusy, men häzir derrew gidip obanyň arçynyna habar bereýin. Ol hem hökman etraba habar berer. Etrabam welaýata çykar. Welaýatdan hem ýörite seni halas etmek barada buýruk geler. Onsoň, seni halas etmek üçin bu ýere adam ibererler.

– A-how, seniň kelläň ýerindemi? Şoňa çenli meniň diri galmajagym köre mälim ahyry.

Şonda, daýhan býurokratyň sözlerine çyny bilen gülüpdir-de, ine şeýle diýipdir:

– Seniň diri galyp galmajagyň-a bilemok. Ýöne döwlet edarasyna işimiz düşende, siz hem şol bir düzgünnama boýunça hereket edeňizokmy näme?! Size işimiz düşende bizi ondan-oňa ylgadyp, halys dünýeden doýurýarsyňyz. Senem, näme, şu ýerde öläýeniňde-de, düzgünnama laýyk öldügiň bolar-da. Şeýle dälmi?!

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s