Dyngy belgilerden el çekmäň!

Bir gün adam otury ýitirdi. Şondan soň ol çylşyrymly hem uzyn sözlemler düzüp bilmän, ýönekeý sözlemler bilen mydar etmäge başlady. Ulanýan sözlemleri ýönekeýleşensoň, onuň pikirleri hem ýöntemleşdi. Birnäçe wagtdan soň adam ýüzlenme belgisini hem ýitirdi. Indi ol pessaýlyk bilen şol bir äheňde gürleýärdi. Bir zada gaharlanyp ýa begenip zat etmeýärdi. Hiç zat onuň duýgy-telwasyny oýaryp bilmeýärdi.

Aradan ýene birnäçe wagt geçensoň, adam sorag belgisini hem ýitirdi. Şeýlelikde, ol sorag bermekden galdy. Indi onuň üçin bir zat boldy hem bir, bolmady hem birdi. Ony hiç zat gyzyklandyryp baranokdy.  

Aradan ýene birnäçe wagt geçdi hem welin, adam iki nokady ýitirdi. Şeýdip, ol özüniň hal-ýagdaýyny gürrüň bermegini bes etdi. Ahyrsoňy, adamyň elinde diňe goşa dyrnak galdy. Indi onuň özüne degişli ýekeje pikiri hem ýokdy. Ol diňe özgäniň pikirlerini tekrarlaýardy.

 

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s