Köke

Bir gije bir zenan aeroportda uçara garaşýar. Uçuşa çenli esli wagt bar bolandygy üçin, ol dükana baryp, güýmenere kitap bilen bir guty köke satyn alýar. Soňra oturgyçlaryň birine baryp çökýär. 

Satyn alan kitabyndan başyny galdyryp bilmän oturan zenanyň, birdenkä, bir zat ünsüni çekýär. Ol ýanynda oturan bir erkek adamyň batyrgaýlyk edip, olaryň ikisiniň arasynda duran kökeli guta elini uzadandygyny görýär. Onsoň, assyrynlyk bilen synlap oturýar welin, nätanyş ýekeje gezek köke alyp oňaýmaýar. Nätanyşyň eli zol-zol kökeli guta baryp gaýdýar. Zenan şonda-da sesini çykarmaýar. Kitaby bilen gümra bolmaga çalyşýar. Arasynda-da gözüni aýlap, sagadyna seredýär. Köke ogrusy bolsa, asla pälinden gaýdarly görünmeýär. Ol kökelerden şol symyşlap otyrýar.

Nätanyşyň bu hereketini gödeklik diýip düşünmän, eýsem näme diýip düşünmeli?! Zenan öz ýanyndan pikir öwrüp: «Wah, arman, sypaýyçylygy elden bermejek bolýaryn-da. Ýogsa, munuň duran ýerinde gözüne gök salyp, it masgarasy edip goýberse boljak welin» diýýär. Garaz, her gezek kökä elini uzadanda, nätanyşyň hem perwaýsyzlyk bilen elini kökä uzatmagy zenany halys kejikdirýär.

Iň soňunda gutuda ýekeje köke galýar. Zenan öz ýanyndan: «Indi näme ederkä?» diýýär-de, böwrüni diňläp durýar. Nätanyş ýene-de agras ýylgyryşyny edip, iň soňky kökä elini uzadýar. Kökäni ikä bölüp, bir bölegini agzyna salýar, beýleki bölegini hem zenana hödür edýär. Zenan hamana ary köýen ýaly, kökäni nätanyşyň elinden kakyp alýar. Ol içinden: «Eý, hudaý, munuň binamysdygyny. Sag bolsun hem aýdanok-da» diýýär. Üstesine, ol özüniň henize çenli beýle gaharlanan ýeriniň ýoklugy hakda oýlanýar.

Uçara münmeli wagtyň bolandygy habar berlende zenan uludan dem alýar-da, zatlaryny ýygnaşdyrýar. Ol «köke ogursyna» gaňrylyp seretmegi özüne namys bilýändigi üçin, yzyna garaman tasanjyrap, uçara münülýän gapa ugraýar. Uçara münýär we kürsüsine geçip ornaşýar. Hälki gyzykly kitabyny aljak bolup elini sumkasyna ýetirende, onuň gözleri hanasyndan çykaýjak bolýar. Açylmadyk bir sany köke gutusy onuň sumkasynda duran bolsa nätjek?! Zenan hyrçyny dişläp, başyny ýaýkaýar-da, öz-özüne gahar edýär: «Bular meniň kökäm bolsa, diýmek ýaňkylar ol adamyň kökeleri bolýar-da. Asyl meniň özüm onuň kökelerinden iýip oturan ekenim-dä». Edil şol pursatda, ol ötünç soramak üçin gijä galandygyna şeýle bir otsuz ýanyp bişýär. Binamys, gadyrbilmez «köke ogrusy» onuň hut özi ekendigini boýun almak oňa şeýle bir agyr degýär…

Eger durmuşda çözüp bilmeýän meselelerimiz bar bolsa, diýmek, biz entek olara çemeleşmegiň başga ýollarynyň bardygyny ýa bilemizok, ýa-da bilýän bolsak hem üstünden baramyzok. Garaz, Eýnşteýniň hem aýdyşy ýaly, hiç bir meseläni ony emele getiren logiki esaslaryndan üzňeleşdirmän çözüp bolmaýar.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s