Niýet

Päk niýet bilen ekilen tohumlaryň hiç biri hem yrýa gitmeýär. Bu Haktagalanyň goýan kanunlarynyň biri. Onuň goýan kanunlary üýtgewsiz hem baky.

Eger adamyň edýän işiniň niýet bilen bagly tarapy düzüw, arassa bolmasa, onuň azaplarynyň bary puçdur. Eger adam hudaýa ynanýan bolsa, onda ol niýet meselesine biperwaý garamaz, niýetiň ähmiýetine aňly-başly göz ýetirmäge çalşar. Sebäbi ynsanyň niýetine görä amallaryna baha beriljek. Bu, elbetde, amaly terk edip, diňe niýete ýapyşmaly diýildigi däl. Amalsyzlyga – beden lellimligi diýip düşünsek, niýetiň düzüw bolmazlygyna – ruhy lellimlik diýip düşünmek bolar. Bularyň ikisi hem hudaýlylyk bilen bir ýere sygyşýan zatlar däl.

«Aýbyny ýaşyran aýňalmaz» diýilýär. Niýetimiziň düzüw bolmazlygy – biziň iň uly aýbymyz.

Niýetimiz nähili bolanda düzüw bolýar? Bu sowalyň jogaby aslynda hemmämize mälim. Päklige nädeniňde çirk ýokýandygyny bilmek üçin üýtgeşik üşük gerek däl. Bu edil adamyň kimdir birine bolan söýgüsiniň hakykymy ýa-da ýalandygyny aňsatlyk bilen özüniň kalbynda duýup bilşi ýaly anyk hem aýdyň bir zat. Niýetimiziň nirede nämä bäs edýändigini biziň özümiz gowy bilýäris.

Niýetimiziň hudaýlylyga ýaraşýan päkligiň näçeräk golaýyndan geçýändigini bilmek bize kyn düşmese gerek. Emma adam geň mahluk. Ol özüniň niýet hapaçylygyna ýoluganyny bilip hem, aňlap hem ýene ýasamalyga, ýalançylyga ymsynýar. Il ýüzünde depme-halal eden zadynyň arkasynda bukulyp, öz-özünden monça bolýar…

 

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s