
Otagyň içinde bir sany merdiwan, merdiwanyň ýokarysynda-da bir sany banan goýup, içerik ýekeje maýmyn goýberipdirler. Maýmyn derrew merdiwana dyrmyşyp, banany almakçy bolupdyr. Emma merdiwana dyrmaşyp başlandan, onuň üstüne ýokardan suw döküpdirler. Şeýdip her gezek banana dyzan mahaly, maýmynyň depesinden suw eňteriliberipdir. Onsoň, janawer banandan el üzmäge kaýyl gelipdir.
Bir salymdan soň, otaga ýene bir maýmyn goýberipdirler. İkinji maýmyn banany almak üçin merdiwana dyrmaşjak bolupdyr welin, birinji maýmyn ýokardan suw döküljegini bilensoň, eýlesinden-beýlesinden çekeläp, ony ýere ýykypdyr. Oňa dyrmyşmaga ýol bermändir.
Bir salymdan otaga üçünji maýmyny goýberipdirler. Üçünji maýmyn hem ýokary dyrmaşmakçy bolupdyr welin, baýaky iki maýmyn ony aşagyna alyp, essinden gidinçä ýenjipdir.
Otaga salnan dördünji maýmyn hem merdiwana dyrmaşmakçy bolanda, başdaky maýmynlaryň üçüsi ýerli-ýerden ýumruk salyp, ony suwa salma edipdirler. Iň bir geň ýeri hem, üçünji maýmyn beýlekilerden hem has öçli ýumruk salýarmyş.
Soňra başga bir zat edilipdir.
Başky iki maýmyny otagdan çykarypdyrlar. Garaz, urha-uruşlygyň näme sebäpden başlandygyny indi otagda bilýän jandar galmandyr. Otaga ýene bir maýmyn salypdyrlar. Üçünji hem dördünji maýmyn täze gelen maýmyny galmaz ýaly edip ýenjipdir. Olar bäşinji maýmyny näme üçin ýenjýändiklerini bilmeselerem, beýtmekden saklanyp bilmändirler.
İslendik ýalňyşlyk umumylaşanyndan soň, ol adamlaryň gözünde dogrulygyň ornuna geçýär. (Seneka)