
Bir gün ýaş bir gelin köwüş satyn almak üçin dükana giripdir. Satyjy hem harydyny satjak bolup, onuň öňüne köwüş baryny döküpdir. Gelin ýaltanman köwüşleri bir-birden geýip görüpdir. Emma iki aýagyna-da ykjam bolýan köwşi tapyp bilmändir. Onsoň, satyjy ahyry çydaman: «Dogan, gowusy siz oňaýsaňyzlaň!» diýipdir. «Siziň bir aýagyňyzyň beýlekisinden ulurak öýdýärin».
Bu sözleri eşidip, gelniň ýeňse damary tutupdyr. Ol özüni kemsidilen hasap edip, dükandan çykyp gaýdypdyr. Soňra bolsa, başga bir köwüş dükanyna giripdir. Emma bu ýerde hem şol bir mesele ýüze çykypdyr. Gelniň iki aýagyna-da laýyk bolýan köwüş tapylmandyr. Ol ýene lapykeçlik bilen dükandan çykjak bolup durka satyjy: «Dogan, gynanmaň!» diýip, oňa seslenipdir. «Siziň bir aýagyňyz beýlekisinden kiçiräk öýdýärin. Ýöne aýby ýok, siz biraz garaşyň, siziň iki aýagyňyza-da boljak köwşi hökman taparys»
Birsalymdan ýaňky gelin iki jübt köwüş salnan torbany göterip, göwnühoşluk bilen şol dükandan çykyp gaýdypdyr.