Ägä bol!

Ägä bolmak. Adam nämeden ägä bolmalydygyny bilmeli. Nämeden ägä bolmalydygyny bilmän ýaşalan durmuşdan müň öwra ägä bolmak gerek. Iň bolmanda, haýwanam sähel bir howatyrly ýagdaýy syzdygy derrew ägäli bolmak bilendir. Adamyň ine käte haýwança-da bolup bilmeýän ýeri bolýar. Ägäligini elden berip, beýik ynsanlyk mertebesini ýere çalýan pursatlary bolýar.

Ynsan ägäligini elden berdigi, agalygyny öňe sürüp başlaýar. Onsoň, ol haýwança-da bolup bilenok. Sebäbi ynsanyň mutlak howpsuzlygy onuň hem  daşky, hem içerki ägeligini gazanmagy bilen amala aşýar. Düýe guşy ýaly awçyny görmejek bolup başymyzy guma çümrenimiz bilen, howpuň aradan aýrylmajagyna biziň hemmämiziň hem gözümizi ýetip dur ahyry. Diýeli, daşymyzda nähilidir bir harasat gopýan bolsa we bizem şol harasadyň weýrançylyga alyp barjagyny bilýän bolsak, «Hany, apyla-sapyla sowulybersin, görübereris-dä» diýip, elimizi gowşuryp oturyp bilerismi?! Ine, ynsanyň harasaty hem içerde hem-de daşarda döreýär. Daşarky harasatlaryň bir alajy bolar diýsegem, içerki harasatlary eger dörän ýerinde, şol pursatyň özünde basyp ýatyrmasak, olaryň bizi nireden çykarjagyny bir Alla bilýär.

Ägä bolmaklyk her bir jandara, esasan-da, ynsana berlen bir artykmaçlyk. Ynsan diňe özüniň salgyma kowalaşmaýandygyny anyk bilen mahaly ägädir. (Bu hem, elbetde, perdeleriň doly açylyp, ak bilen garanyň aýyl-saýyl ediljek ýerinde mümkin bolsa gerek). Başgaça aýdanyňda, ynsan diňe soňky demine çenli ägäligi elden bermezligi ündeýän ylahy ündewlere ten beren mahaly ägädir. Goý, beýik Ýaradan bizi ägälik galasy bolan imandan aýyrmasyn!

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s