
Osmanly soltany Myrat IV döwründe Habyp baba diýen bir ýagşyzada bar eken. Bir gün ol gämi bilen haja gitmek üçin Stambula gelýär. Ýöne haja gidýän gämä ýetişmeýär. Ol öz ýanyndan «Munda-da haýyr bardyr» diýip oňaýýar. Birnäçe aýlap ýol söküp, wagtly-wagtyna ýuwnup bilmänsoň, onuň endamyna gijilewük örüp başlan eken. Onsoň, Habyp baba dogduk diýaryna dolanmazdan öň hammama gidip, mazaly ýuwnup-ardynmakçy bolýar.
Habyp baba bir hammama barýar. Emma ony içerik goýbermeýärler. Sebäbini sorasa, soltanyň wezirleriniň ýuwunmak üçin hammamy tutuşlygyna ýapdyrandyklaryny aýdýarlar. Hammamçy Habyp baba: «Ýaşuly, meni bularyň gazabyna duçar edersiň, gideweri» diýýär. Habyp baba-da oňa «Men bir çetde lam-jim bolupjyk ýuwnaryn, olara görünmerin» diýip ýalbarýarmyş. Ahyrynda hammamçy Habyp baba dözmän, ony içerik goýberýär. «Görünmän bir gyrada ýuwnaweri» diýibem berk tabşyrýar.
Biraz salymdan hammama köne-küşül geýimli ýaş ýigit gelýär. Asyl ol soltan Myrat IV eken. Osmanly soltanlary halkyň hal-ýagdaýyny bilmek üçin geýim-gejimini üýtgedip, wagtal-wagtal il arasyna çykar ekenler. Ýaş ýigit hammamçynyň ýanyna baryp, ýuwunmak isleýändigini aýdýar. Hammamçy oňa-da ýagdaýy düşündirýär. «Meni bir belanyň üstünden eltmejek bolsaň, git şu ýerden» diýip, ony hammamdan çykaryp kowjak bolýar. Ýöne bu ýigit hem: «Men, ho-ol ýaşulynyň ýanyndajyk, sesimi çykarman ýuwnaryn» diýip ýalbarýar. Ahyry hammamçy şol ýigidi hem içerik goýberýär. Oňa-da: «Sesiň çykaýmasyn!» diýip, berk sargaýar.
Iki nätanyşyň sözleri alşan bolmaga çemeli. Habyp baba bilen ýaş ýigit biri-biriniň arkasyny ýuwup berýärler. Myrat IV Habyp babanyň arkasyny ýuwup durka, onuň taryna kakyp görýär:
– Ýaşuly, ikimizem wezir bolmaly ekenik! Sered-ä bulara! Alladan gelýän suwy hem garamaýaga dözenoklar!
Habyp baba şonda oňa şeýle diýýär:
– Eý, balam! Bu dünýede soltana wezir bolduň näme, bolmadyň näme?! Emma sen şeýle bir soltana wezir bol! Goý, şol soltan seniň arkaňy bu wezirleriň barysynyň gazabyndan gorkýan soltanyna ýuwdursyn!