Ybraýym Ethem

Bir gün Ybraýym Ethem hezretleri syýahat etmek üçin gämä münüpdir. Gämide wäşilik edip, gün görýän bir adam hem bar eken. Ol Ybraýym Ethemiň derwüşdigini aňypdyr-da, onuň üstünden gülmäge başlapdyr. Oňa her hili kemsidiji sözler aýdypdyr. Adamlar hem gyzyl-gyran gülşüpdirler. Ýöne Ybraýym Ethemiň welin, göwni bir ýaly diýýär. Onsoň, wäşi öz ýanyndan «Bu nähili adam-aý?! It masgarasy edip, üstünden gülüp durunam welin, sesini çykarman otyr-aý» diýip, geň galypdyr. Şomda Ybraýym Ethem wäşä ýüzlenip, oňa bir sowalynyň bardygyny aýdypdyr. Wäşi hem «Soraber» diýipdir. Onsoň, Ybraýym Ethem:

– Gämide şunça adam barka, üstünden gülmäge iň mynasyp adam hökmünde meni saýladyň, şeýle dälmi? – diýip sorapdyr. Wäşi:

– Hawa, şeýle – diýip jogap beripdir. Şonda Ybraýym Ethem ilki bilen asmana garap:

Eý, Perwerdigärim! Senden ýüzde-müň razydyryn! – diýipdir. Soňra wäşäniň ýüzüne garap şeýle diýipdir:

Saňa-da minnetdarlygymy bildiresim gelýär! Bu jahanda adamlaryň ýüzüni güldürişiň ýaly, goý Allatagala-da o dünýäde seniň ýüzüňi güldürsin!

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s