Leňňeç

Bir leňňeji alaga-da, sebediň içine goýsaňyz, ol şol ýerden aňsatlyk bilen çykyp bilýär. Emma sebediň içinde leňňeç kän bolsa, olaryň biri hem çykyp bilmeýär. Sebäbi leňňeçleriň bary birden daşaryk çykjak bolup, biri-birinden aslyşýarlar. Biri-birlerini ýokaryk çekmegiň ýerine aşak çekýändikleri üçin olaryň biri hem sebediň daşyna çykyp bilmeýär. Hut şonuň üçin balykçylara leňňeç sebetleriniň agzyny ýapmaklygyň zerur bolmaýandygyny bilýärmisiňiz?!

Eger daşymyzdaky adamlar egnimizden basyp ýokaryk dyrmaşýan bolsalar, onda biziň hem leňňeç sebedindedigimizi ýatladyp oturmagyň geregi ýok bolsa gerek.  

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s