
Oglanjygyň her elinde bir alma bar eken. Ejesi oňa: «Almalaryň birini maňa beräý!» diýipdir. Oglanjyk muňa mähetdel ilki bilen bir elindäki, soňra bolsa beýleki elindäki almany dişläpdir. Muny görüp, enäniň ýüzi boz-ýaz bolupdyr. Ol oglunyň almany özüne dözmänligini erbet ýokuş görüpdir. Onsoň, oglanjyk dişlän almalarynyň birini ejesine uzadyp: «Eje, al, şu has süýji eken» diýipdir. Şonda ejesi haýran galyp, ogluna näme diýjegini bilmän, ýuwdunyp duruberipdir.
Durmuş tejribäňiz näçe köp hem bolsa, adama baha bermäge gezek gelende alňasamaň! Ilki bilen şol adamyň özüni diňläň. Size aýdylan gürrüňlere ynanyp, derrew belli-külli karara geliji bolmaň!