
Derwüşiň eline düşüp, ganatyny döwdüren guş arzyny aýtmak üçin Süleýman pygamberiň ýanyna barypdyr. Süleýman pygamber şobada derwüşi huzuryna getirdip sorapdyr:
– Bu guşuň aýdýanlary dogrymy? Sen näme üçin onuň ganatyny döwdüň?
Derwüş özüniň günäsiniň ýokdugyny düşündirjek bolupdyr:
– Patyşahym! Dogry, men bu guşy awlamakçy boldum. Ýöne olam menden gaçmady ahyry. Gaçmansoň, menem onuň has golaýragyna baraýyn diýdim. Ol meniň süýşüp gelýänimi görübem, ýene uçmady. Onsoň, men «Bul-ha uçjaga meňzenok» diýip, üstüne bökdüm. Ol diňe şonda özüniň gaçmalydygyna düşündi.
Guş özüniň näme üçin gaçmandygyny şeýle düşündiripdir:
– Patyşahym! Ol derwüş lybasynda bolandygy üçin gaçmadym. Awçydygyny bilen bolsadym, şobada uçup giderdim. «Derwüş halky Alladandan gorkýan adamlar, olardan maňa zyýan ýetesi ýokla» diýip pikir etdim. Şonuň üçin hem ondan gaçmalydyr hem öýtmedim.
Süleýman pygamber derwüşi günäkär hasaplapdyr-da, «Derwüşiň elini döwmeli!» diýip buýruk beripdir. Şol pursatda hem guş öňe okdurylyp:
– Patyşahym! Beýtmäň! – diýip ýalbarypdyr. Süleýmän pygamber «Näme üçin?» diýip sorasa, guş oňa şeýle jogap beripdir:
– Patyşahym! Derwüşiň elini döwdürseňiz, eli oňatlaşar welin, ol ýene öňki edýänini etjek bolar. Siz iň gowusy, onuň egnindäki derwüş lybasyny çykardyň. Şonda men ýaly beýleki guşlar hem derwüşdir öýdüp oňa aldanmazlar.