Polisiýa

Bir adam polisiýa jaň edýär:

– Aýalymyň bazara diýip çykyp gidenine sekiz sagat boldy welin, ol entegem öýe gelenok. Maňa aýalymy tapmaga kömek ediň!

Polisiýa soraýar:

– Aýalyňyzyň daş keşbi nähiliräk? Suratlandyraýyň!

Trubkanyň aňyrsyndaky adam birbada düşünmeýär.

– O nähili daş keşbi?

– Mysal üçin, boýy näçeräk?

– Aý, ona bilmedim-dä! Beýik ökjeli köwüş geýse, boýy menden-ä geçýär. Ýöne öýde wagty boýy menden kelteräk.

– Gözüniň reňki nähili?

– Anyk aýdyp biljek däl. Dakýan linzasyna görä üýtgeýär-dä. Käte öýden mawy linza dakyp çykýar, käte ýaşyl. Ýöne aslynda-ha gözüniň reňki agymtyl bolmaly.

– Ýeri onda aýalyňyzyň saçynyň reňki nähili?

– Ony-ha asylam aýdyp biljek däl. Ol saçyny her hepde dürli reňke boýaýar ahyry.

– Aýalyňyz öýden çykanda egnindäki köýnegi nähilidi?

– Wah, şoňa üns bermändirin-dä. Ýadyma düşenok-da.

– Bäh, bu nähili boldy-aý?! Bazara ulagly gitdi diýipdiňiz dälmi?

– Hawa. Gara «Audi R8», üç ýarymlyk motor, ful salon, faralary mämişi, sag öňki gapyda sähelçe degen ýeri bar.

– Hä, indi düşnükli boldy! Biz siziň ulagyňyzy hökman taparys!

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s