Adalat

Hukuk fakultetinde leksiýa bermek üçin synpa giren mugallym talyplaryň birini ýerinden turzup, adyny sorapdyr. Talyp öz adyny aýdyp-aýtmanka-da, mugallym onuň üstüne gygyrmaga başlapdyr:

 – Hany, göteril şu ýerden. Gaýdybam seni meniň leksiýamda görmäýin!

Talyplaryň barysynyň sesine suw sepilen ýaly bolupdyr. Hiç kim näme bolýanyna düşünmändir. Onsoň, ýaňky talyp sesini çykarman, synpdan çykyp gidipdir. Synpa dym-dyrslygyň aralaşmagy bilen mugallym  talyplaryň baryna birlaý göz gezdirip çykypdyr-da:

Kanun näme üçin gerek? – diýip sorapdyr. Talyplar çekinibräk hem bolsa, ýerli-ýerden jogap beripdirler. Tertip-düzgüni saklamak üçin, jemgyýeti emele getirýän şahslaryň hak-hukugyny goramak üçin, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin, döwletiň öz raýatlaryna hukuklaryny  öwretmek üçin diýen ýaly dürli jogaplar berlipdir. Mugallym: «Ýene näme üçin gerek bolup biler?» diýip soragyny gaýtalapdyr. Şonda talyplaryň biri «Adalat üçin» diýip jogap beripdir. Mugallym «Ine üstünden bardyň» diýýän ýaly, şol jogaby beren talyba barmagyny çommaldypdyr-da:

– Eýsem, ýoldaşyňyzy kowup goýbermegim adalatsyzlyk bolmaýarmy? – diýip sorapdyr.

Talyplaryň bary biragyzdan:

– Hawa, mugallym! Adalatsyzlyk bolýar – diýip jogap beripdirler. Şeýlelikde, mugallym sapakdan kowlan talyby çagyryp, ondan ötünç sorapdyr. Şonda onuň talyby bilgeşleýin kowan kişi bolandygy hemmä mälim bolupdyr. Şeýle-de bolsa, mugallym entek soňky sözüni tamamlamandyr:

Siziň baryňyz bu ýerde adalatsyzlygyň bardygyny görüp durduňyz ahyry. Şonda-da hiç biriňiz sesiňizi çykarmadyňyz? Näme üçin ýoldaşyňyzyň hukugyny goramadyňyz?

Talyplaryň birinden hem ses çykmandyr. Onsoň mugallym olara şeýle diýip jogap beripdir:

Hormatly talyplar! Hukuk sapagynda okalýan temalar iru-giç ýatdan çykar. Ýöne şu günki bolan wakany siz hiç haçan unutmarsyňyz. «Bizi çakmadyk ýylan ýüz ýaşasyn» diýen pikire asla gulluk etmäň! Sebäbi şol ýylan bir gün gelip sizi hem çakar.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s