Traktor

Daýhanyň traktory döwlüpdir. Şunça urunsa-da, oňa traktoryň niresinde näsazlygyň bardygyny bilmek başartmandyr. Onuň gara ýaga batyp ýörenini görüp, goňşy-golamlary hem kömege gelipdir. Ýöne olardan hem peýda bolmandyr. Ahyrsoňy, daýhan ussa çagyrmaly diýen karara gelipdir.

Ussa gelip, motoryň birki ýerine çekiç bilen kakyşdyrypdyr welin, traktor hiç zat bolmadyk ýaly tar-tar edip işläp başlapdyr. Daýhan begenjinden iki bolup bilmändir. Ol ussa bilen hasaplaşmakçy bolupdyr:

– Size näçe bermeli?

Ussa:

– Bäş ýüz manat berseň bolar – diýipdir.

Muny eşidip, daýhanyň ýeňse damary gatapdyr. Ol nägilelik bilen:

– Beýle köp pul alar ýaly seniň üýtgeşik eden zadyňam-a ýok. Çekiç bilen birki gezek tark-turk etdim diýip, bäş ýüz manat alaýjakmy? – diýipdir. Şonda ussa oňa şeýle jogap beripdir:

– Men onsuzam çekiç bilen birki gezek uranym üçin bäş manat alýaryn. Galan dört ýüz togsan bäş manady bolsa, çekiji nirä urmalydygyny bilýänim üçin alýaryn.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s