Täze ýyl baýramy

ABŞ-nyň Finiks şäherinde ýaşaýan bir goja Nýu-Ýorkda ýaşaýan ogluna jaň edýär:

– Saňa ýakymsyz habarym bar, oglum! Ejeň bilen ikimiz aýrylyşýarys. Kyrk bäş ýyllap iňirdisini çekip gezenim besdir.

– Kaka, bu näme diýdigiňiz bolýar? Indiden soň aýrylyşmak bolmaz ahyry?

– Bolman näme? Beterem bolar, oglum! Biz indi ejeň bilen halys oňşamyzok. Ikimizem belli bir karara geldik. Şonuň üçin uýaňa-da özüň jaň edip aýdaý!

Gojanyň oglunyň üstünden gaýnag suw guýlan ýaly bolýar. Ol wagt ýitirmän Çikagoda ýaşaýan uýasyna jaň edip, hemme zady gürrüň berýär. Uýasy gahardan ýaňa sesini endiredip:

– Içigar galmyş, bularyň näme aňkasy aşyp ýörmükä? Indiden soň tapýan zatlaryna sered-ä bularyň. Men olar bilen özüm gürleşerin häzir – diýýär. Onsoň, gyzy goja jaň edýär:

– Kaka! Sen näme akylyňdan azaşyp ýörmüň! Aýrylyşmarsyň, düşünýäňmi, saňa diýýärin, aýrylyşmarsyň?! Men häziriň özünde ýola çykýaryn. Men barýançam hokga çykarmaň. Düşündiňizmi? Men häzir jigime-de jaň etjek. Ertiriň özünde ikimizem öýde bolarys, onsoň hemme zady maslahat ederis. Şoňa çenli bir tagapyl ediň, bolarmy?!

Gyzy trubkany goýandan soň, goja aýalyna öwrülip seredýär-de, şeýle diýýär:

– Keýwany, olaryň ikisi hem Täze ýyl baýramyna öýe gelýär. Üstesine, bu gezek ýol pullaryny hem öz jübülerinden çykarýarlar.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s