Eşek

Bir gün Hoja Nasreddin eşegini satmak üçin mal bazaryna eltipdir. Bazarda malyň bahasyny söwdagärler kesgitleýär eken. Hoja Nasreddin bolsa, öz eşegini bazar bahadan arzan satyp, öýüne gaýdyberipdir. Arzan bahadan eşek satýan ýek-tük bolansoň, söwdagärler «Indi biziň mallarymyz gymmat geçer» diýip garaşyp oturan eken. Emma ertesi gün Hoja Nasreddin ýigrimi eşek alyp geläýipdir. Ol eşekleriň ýigrimisini hem ýene öňküsi ýaly bazar bahadan arzan satypdyr. Söwdagärler bolsa, ýene eşek satyp bilmän galypdyr. Üçünji gün Hoja Nasreddin ýene ýigrimi eşek bilen gelipdir welin, söwdagärler onuň daşyna geçip:

– Sakgaldaş! Bizem-ä kiçi-girim söwdagär däl. Mallary özümize arzan düşürjek bolup, görgi baryny görýäris. Mallaryň iýjek otuna deňiç özümiz ekýäris. Garaz, işgär tutup, mugtuň bäri ýanyna işledýäris. Ýöne şonda-da biz-ä seniň satýan bahaňdan arzan satyp bilemizok. Sen mallaryňy nädip beýle arzan berip bilýäň? – diýip sorapdyrlar.

Hoja Nasreddin hem olara şeýle jogap beripdir:

– Siz adamlary gul ýaly işledip, olaryň gara zähmetini ogurlaýan bolsaňyz, men hem olaryň eşeklerini ogurlaýaryn!

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s