
Hindistanyň on birinji prezidenti Abdul Kalam kakasy bilen bagly ýatlamasyny şeýle gürrüň berýär:
«Men o wagtlar oglanjykdym. Bir gün ejem ýene hemişeki ýaly uzynly gün işde bolup, agşam öý gelensoň hem nahar bişirdi. Ejem biziň öňümize hindi naharlaryndan «sabzi» bilen gara köýük bolan «roti» goýdy. Men ýanan «roti» barada kim dil ýararka diýip garaşdym. Kakam «rotisini» iýip boldy-da, meniň okuwymyň ýagdaýyny sorady. Şol gün kakama öz okuwym barada näme diýendigim ýadyma düşenok. Ýöne ejemiň welin «rotini» ýakandygy üçin kakamdan ötünç sorandygy şugün ýaly ýadymda. Şeýle hem kakamyň ejeme: «Men ýanan rotiniň tagamyny gowy görýärin» diýip aýdan sözleri henizem gulagymda ýaňlanyp dur.
Şol gije agşam ýatmankam kakamy ogşaýyn diýip ýanyna bardym. Oňa «Gijäň rahat bolsun!» diýenimden soňra, ýanan «rotini» hakykatdan hem gowy görüp görmeýändigini soradym. Ol meni gujaklap:
– Ejeň bugünler uzakly gün işde bolup ýadaýar, oglum! – diýdi-de, sözüniň üstüni şeýle ýetirdi:
– Onsoňam, ýanan «roti» hiç kimi ynjytmaýar ahyry, onuň hiç kime zyýany ýok. Emma ýakymsyz sözler welin adamy ynjydýar. Özüň gowy bilýänsiň, oglum! Durmuşda näsazlyklar juda köp bolýar. Durmuşda ýalňyşmaýan adam hem ýok. Edil şonuň ýaly, menem dünýädäki iň gowy adam däl. «Şuny-ha birkemsiz oňarýaryn» diýip agyz dolduryp aýdyp biljek zadym ýok. Ine, ýyllaryň dowamynda meniň bar öwrenen zadym şu: Kemçiliksiz adamyň ýokdugyny kabul edip, özara ylalaşmaklygy bar zatdan ileri tutmaly».