
Bir adam kebelegiň pileden çykyşyny synlaýar. Ol kebelegiň pilede emele gelen darajyk gözenekden daşaryk çykanda kynçylyk çekýändigini görýär. Şonuň üçin hem başga bir pilede emele gelen gözenegi iki gyrasyndan pyçak bilen dilip çalaja giňeldýär. Bu piläniň içindäki kebelek kösenmän daşaryk çykýar. Emma şol soňky kebelek adatdakysyndan gysga boýly hem-de etlek bolýar. Onuň ganatlary owadan, özüne çekiji hem-de uly bolmaýar. Gaýtam, tersine, gysga, ýaraşyksyz, reňki-de sazlaşyksyz bolýar.
Ýaňky adam munuň näme üçin beýle bolýandygyna düşünip bilmän, biolog tanyşlarynyň biriniň ýanyna barýar we näme eden bolsa baryny gürrüň berýär. Biolog dosty oňa pilede emele gelen şol darajyk gözenegiň möhüm ähmiýete eýedigini şeýle düşündirýär:
– Kebelek piläniň gözeneginden daşaryk çykýan pursaty onuň ganaty bedeni bilen bitewi ýagdaýda bolýar. Haçan-da darajyk gözenekden geçmeli bolanda kebelek güýç sarp edýändigi üçin ganatlary doly ýazylyp ýüze çykýar we ol diňe şonda owadan kebelege öwrülýär.
Adamlar tebigy deňagramlylygy bozmaly däl. Çagalarda duş gelýän ýagdaý hem edil ýokardaky mysala meňzeýär. Her çaganyň özüne mahsus häsiýeti bolýar. Şonuň üçin çaganyň häsiýetini üýtgetjek bolup azara galmaly däl. Diýeli, çaga çepbekeý bolsa, oňa sag elini ulanmagy öwretjek bolmagyň geregi ýok. Ýa bolmasa, çaganyň jemgyýetçilik ylymlara ukyby bar bolsa, ony zorluk bilen tebigy ylymlara gönükdirmeli däl.