Ulumsy

Bir ýaş hukukçy özüniň otagyny aňrybaş mebeller bilen bezäp, stolunyň üstüni bolsa her kysmy telefonlardan dolduryp, hukuk boýunça maslahatçy wezipesine işe başlapdyr. Şol günüň özünde-de oňa bir müşderi gelipdir. Emma hukukçy ony bada-bat içerik goýbermändir. Birsalym garaşdyran bolup, onsoň ýanyna kabul edipdir. Onuň pikiriçe, eger şeýtse, gelen adamyň gözünde özi hasam abraýly görünýärmişin.

Müşderi içerik girenden soň, hukukçy onuň habaryny alman, derrew telefonyň trubkasyna ýapyşmak bilen bolupdyr. Ol telefon arkaly möhüm bir meseläni çözýän kişi bolup gürlemäge başlapdyr:

 – Jenap ministr, biz şol taslamanyň üstünde işlejek bolup biderek wagt ýitirmäliň-le… Ýeri, siz näme maslahat berýäňiz? Bolýar-da, ýigrimi müň dollardan aşak ýeke köpügem gaýdyp biljek däl… Bolýar, gepleşdik. Hoş wagtyňyz!

Trubkany goýan hukukçy myhmanyň geň galyp seredip oturandygyny görüp, hasam gopbamsy görnüşe giripdir-de:

– Aýdyberiň jenap! Sizem garaşdyraýdym öýdýärin – diýipdir.

Şonda müşderi hökmünde içerik kabul edilen adam biraz ardynjyrap, zordan diýen ýaly özüniň bu ýere telefony ulgama çatmaga gelen ussadygyny aýdyp bilipdir.  

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s