Zulum

Günlerden bir gün zalym häkim Hajjaj köşkünden daşaryny synlap otyrka, elleri pildir kerkili birgiden adamyň başagaý bolup ýer gazyp durandygyny görüpdir. Hajjaj geň galyp, olaryň ýanyna barypdyr-da:

– Siz bu ýerde näme edýäňiz? – diýip sorapdyr. Onsoň, ýer gazyp duranlaryň arasyndan ekabyrragy öňe çykyp:

Hezreti Omaryň adalatyny gözleýäris – diýip jogap beripdir. Hajjaj muny eşidip, sesini çykarmandyr-da sen-men ýok özüne bir pil getirdipdir. Ýeňini çermäge-de piliň gulagyna zor salyp başlapdyr hem welin, indi bu sapar adamlar geň galyp, ondan:

– Seniň edýäniň näme? – diýip sorapdyrlar. Şonda zalym Hajjaj olara şeýle jogap beripdir:

– Hezreti Omaryň halkyny gözleýärin.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s