
Bir baý adamyň üç ogly bar eken. Günlerde bir gün ol ogullaryny daşyna üýşürip:
– Balalarym! Men ölenimde, meni ýyrtyk jorap geýdirip jaýlaň. Ýyrtyk jorabym sandygymda durandyr – diýipdir. Muny eşidip baýyň oglanlary ör-gökden gelipdir. Olar ýerli-ýerden:
– Daş edewersin. Kaka, sen entek biziň aramyzda köp gezersiň. Jorabam näme, geýdirmeli bolsa, ýyrtyk däl-de, gyzyl çaýylan ýüpden dokap geýdiris – diýip, kakasynyň sözüni kesipdirler. Ýöne baý barybir soň-soňlaram oglanlaryna özüniň wesýetini ýatladyp durupdyr:
– Men ölsem, meni ýyrtyk jorap geýdirip jaýlaň. Mirasymy nädip paýlaşjagyňyzy hem hat üstünde aýdyp giderin.
Ahyry bir gün baý aradan çykypdyr. Oglanlary kakalarynyň wesýetini berjaý etjek bolup ýaşulylara, mollalara şunça ýalbarsalaram, olar kes-kelläm muňa garşy bolupdyrlar. Ölen adama kependen başga zat geýdirmegiň günädigini aýdypdyrlar. Şonuň üçin olar kakalaryna ýyrtyk jorap hem geýdirip bilmän jaýlamaly bolupdyrlar. Soňra bolsa, kakalarynyň goýup giden hatyny tapyp okapdyrlar. Hatda şeýle sözler bar eken:
– Gördüňiz dälmi balalarym?! Men ýanym bilen o dünýä ýekeje ýyrtyk jorap hem alyp gidip bilmedim. Şonuň üçin o dünýä alyp gidip bolaýjak zatlar hakda köp pikir ediň. Başgaça aýdanymda, diňe pul däl-de, sogap hem gazanjak boluň. Ýogsam, mal-mülk diýdi, baýlyk diýdi, bularyň barynyň biderek zatdygyna iru-giç göz ýetirersiňiz!