Zergär

Bir ussat özüniň köp ýyllap ýetişdiren şägirtleriniň biriniň ylymda ýeten derejesini barlap görjek bolup, onuň eline lowurdap duran, ýumruk ýaly üýtgeşik daşy tutdurypdyr-da:

– Oglum! Şuny al-da, bazarçylara birlaý görkezip çyk. Bazarçylar bu daşa näçe baha keserkäler, hany göreli bakaly! Iň soňunda zergäriň ýanyna-da baraý, onuň hem aýtjak bahasyny eşideli. Ýöne kim näçe berjek diýse-de, daşy hiç kime sataýmagyn, oglum! Aýdyşym ýaly, diňe her kimiň näçe berjegini bildejik, geläýgin! – diýipdir.

Şägirt daşy alyp, bazara barypdyr. Ilki bilen onuň öňünden gök önümlerini satýan adam çykýar. Ondan:

– Şu daşy näçe satyn alarsyň? – diýip soraýar.

Satyjy daşy eline alyp seredipdir-de:

– Bir tylla bereýin. Ogluma güýmenerlik üçin satyn alaýmasam – diýipdir. Soňra şägirdiň öňünden mata satýan sowdagär çykypdyr. Şägirt ondan hem daşy näçe satyn alyp biljegini sorapdyr. Sowdagär:

– Bäş tylla bereýin – diýipdir. Onsoň, şägirdiň öňünden ýonaçy çykypdyr. Ýonaçy hem daşy synlap:

– Ýonanyň gyrasyna nagyş salmak üçin ulansa boljak – diýipdir-de, oňa on tylla hödürläpdir.

Iň soňunda şägirt zergäriň ýanyna barypdyr. Zergär şägirdiň elindäki daşy gören badyna ýerinden böküp turupdyr. Daşdan gözüni aýyrman durşuna:

– Beýle gymmatbaha daşy nireden tapdyň? – diýip sorapdyr-da, sözüniň üstüni ýetiripdir: – Muny näçe satjak?

Şägirt bolsa ondan:

– Sen näçe aljak? – diýip sorapdyr. Şonda zergär:

–  Diýen bahaňy bereýin, ýöne muny maňa sat – diýip ýalbarmaga durupdyr. Onsoň, şägirt daşy satyp bilmejekdigini, özüniň diňe «bahany bil» diýip goýberlendigini düşündirip, zergärden zordan sypypdyr. Gelibem, bu zatlaryň baryny ussadyna gürrüň beripdir. Şeýlelikde ussady ondan:

– Hany indi sen maňa düşündir, bu wakadan näme mana çykarmaly? – diýip sorapdyr. Şägirt ussadynyň soragyna jogap berip bilmändir. Ine şonda ussady oňa şeýle diýipdir:

– Zer gadyryny zergär biler, oglum! Bir zadyň gadyry şonuň gymmatyna düşünýän adamyň ýanynda aýrybaşgadyr. Her adamyň durmuşynda onuň ähmiýetlidigini özüne duýdurýan «zergärler» hökman bardyr! Şol zergärleriň üstünden barmaly. Ine, esasy mesele şol. 

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s