
Gadym zamanlarda pähim-parasaty bilen tanalýan bir dana bar eken. Adamlar uzak-uzak diýarlardan gelip, ondan maslahat sorap gidýär ekenler. Her kim dananyň berýän nesihatlaryndan hümmet tapansoň, baran ýerlerinde ony öwüp arşa çykarýan ekenler.
Günlerde bir gün iki ýaş ýigit dananyň abraýyna görübilmezçilik edip, ony uly iliň gözünde abraýdan gaçyrmagyň kül-külüne düşýärler. Olar özleriniň bu bet pygyllaryny amala aşyrmak üçin köpçüligiň içinde danadan:
– Biz ýanymyz bilen guş tutup getirdik. Hany, aýt bakaly, şol guş ölümi ýa diri? – diýip soraýarlar.
Dana näme üçin özüne beýle sowal berilýändigine şobada düşünýär. Sebäbi bu ýerde guşuň görkezilmeýänligi ýönelige däl eken. Eger dana «öli» diýip jogap berse, ýaňky ikisi ile göz edip guşy uçuran bolup goýberjekdiler. Eger-de dana «diri» diýip jogap beräýse-de, onda hiç kime görkezmän guşuň boýnuny sogrup, «Ynha, öli» diýjekdiler.
Dana birsalym oýlanyp durupdyr-da, örän manyly jogap beripdir:
– Guşuň ykbaly siziň eliňizde!